Oýun sanawy


Patrik Wieýra Senegalyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi
19 Awgust. 12:25Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dünýä we Ýewropa çempiony bolan Patrik Wieýra Senegalyň milli futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Ýurduň futbol federasiýasy resmi taýdan habar berdi. Şertnamanyň möhleti barada giňişleýin maglumat berilmedi.
50 ýaşly hünärmen iyul aýynda Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Belgiýadan utulyp, wezipesinden giden Pap Týawyň ornuny tutdy. Wieýra mundan öň Italiýanyň «Jenoa», Fransuz klublary «Strasbur» we «Nissa», Angliýanyň «Kristal Palas» hem-de ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Siti» toparlaryna tälim beripdi.
Asly Senegaldan bolan Patrik Wieýra futbolçylyk karýerasynda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda 1998-nji ýylda Dünýä çempionlygyny we 2000-nji ýylda Ýewropa çempionlygyny gazandy.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.