Oýun sanawy

Merkezi Aziýa + ABŞ: Taryhy sammitden nämä garaşmaly?

05 Noý. 08:19

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpyň çagyrmagy bilen iş sapary bilen ABŞ-a gitdi we 6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitine gatnaşar. Bu sammit «Merkezi Aziýa + ABŞ» hyzmatdaşlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary derejede ikinji duşuşyk bolar.

Ilki bilen, 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen ilkinji sammit, ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy.

«Merkezi Aziýa + ABŞ» formaty 2015-nji ýylda işjeňleşdi. Şu wagta çenli howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly möhüm meselelerde yzygiderli duşuşyklar geçirildi. 2022-nji ýylda bu formatyň işlerini gurnamak üçin Sekretariat döredildi.

Sammitde söhbetdeşlik ediljek esasy meseleler:

  1. Howpsuzlyk: Terroirizm, ekstremizm, narkotrafik ýaly howplar bilen mübarize we Afganystandaky ýagdaýy durnuklandyrmak. ABŞ, serhetleriň berkidilmegi we kanun goraýjy edaralaryň goldanylmagy barada hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

  2. Ykdysadyýet we maýa goýumlary: Söwda ýollaryny ösdürmek, energetika, oba hojalygy we mineral serişdelere maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. 2023-nji ýylda B5+1 işewürlik platformasy işledi.

  3. Energiýa we ulag: Transkaspian ulag koridory we täzelenýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meseleleri barada pikir alyşmalar.

  4. Iklim we ekologiýa: Iklim üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk.

  5. Kritiki minerallar: ABŞ, Merkezi Aziýa ýurtlarynda nadir metallara, uran, litii ýaly baý strategiki serişdeler üçin elýeterliligi öňe sürýär.

  6. Adam hukuklary we ynsanperwer meseleler: Maýyplaryň hak-hukuklary, zenanlar we raýat jemgyýetini goldamak meseleleri sammitde ara alnyp maslahatlaşylar.

Gelişjek sammitden näme umyt etmeli?

«Merkezi Aziýa + ABŞ» sammiti ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebtine bolan gyzyklanmasyny görkezýär. Bu sammit, Merkezi Aziýa ýurtlaryna maýa goýumlaryny çekmek, diplomatik gatnaşyklaryň berkidilmegi we halkara sahnasynda özleriniň statusyny ýokarlandyrmak üçin möhüm mümkinçilikdir.

Emma sammitiň üstünlikli bolmagy, taraplaryň beýanatlary hakyky taslamalara öwürmekde we geopolitiki polýarizasiýadan gaça durmaklyga esaslanar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.