Oýun sanawy


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda kofeniň ýerli we peýdaly görnüşi döredildi
07 Mart. 06:35Türkmenistanyň YA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri tarapyndan Senna obtusifolia ösümliginiň tohumyndan taýýarlanan täze içgi patentleşdirildi. Biotehnologiýa barlaghanasynyň alymlary ýurdumyzyň gurak we şor toprak şertlerinde bu ösümligi ösdürip ýetişdirmegiň iň kämil usullaryny işläp düzdüler.
Täze önüm özüniň tagamy boýunça nusgalyk kofeden pes oturman, düzüminde kofeiniň bolmazlygy bilen tapawutlanýar. Içgi antioksidantlara we witaminlere baý bolup, ol aşkazan-içege ulgamynyň işini gowulandyrýar hem-de gözüň ýiti bolmagyna ýardam edýär. Gündogar lukmançylygynda giňden belli bolan bu ösümligiň esasynda taýýarlanan içgi, indi ýerli çig maldan we ekologiýa taýdan arassa şertlerde öndüriler. Bu açyş türkmen ylmynyň iýmit senagatynda amala aşyran möhüm ädimleriniň biri hökmünde bellenilýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň