Oýun sanawy


Türkmenistanda «Arkadag» – «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan ýörite sport köýnekleri taýýarlanylýar
28 Ýan. 08:07Türkmenistanda geçiriljek iri futbol wakasynyň öňüsyrasynda täze sport önümleri çykarylýar. Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy 11-nji fewralda Aşgabat şäherinde meýilleşdirilen «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygyna bagyşlap, «Nusaý» haryt nyşany bilen sport köýnekleriniň aýratyn toplumyny öndürmäge başlady.
Türkmenistan janköýerleri üçin niýetlenen bu sport köýnekleri arassa nah matadan tikilýär. Köýnekleriň öň ýüzünde «Arkadag» futbol toparynyň ady aýratyn nyşan hökmünde ýerleşdirilýär. Arka tarapynda bolsa Türkmenistanyň ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýazgysy orun alýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Belläp geçmek gerek, Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy Türkmenistanda we halkara derejede tanalýan önümçilik merkezleriniň biridir. Kärhana köp ýyllardan bäri FIFA we UFC nyşanlary bilen ýokary hilli sport egin-eşikleri öndürýär. Bu önümler diňe bir professional türgenleriň däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesini saýlaýan giň jemgyýetiň arasynda hem uly meşhurlyga eýedir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň