Oýun sanawy

Türkmenistan klimata degişli tehnologiýalar we çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezlerini döretmäge taýýar

22 Okt. 06:09

Çeşme

Türkmenistan Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen sebitleýin merkezi we çölleşmä garşy göreşmek boýunça merkez döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň daşky gurşaw we suw diplomatiýasy meseleleri boýunça geňeşçisi Mahtumguly Akmuradow “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025” halkara maslahaty we sergisiniň öňüsyrasynda geçirilen sessiýada aýtdy.

Diplomatyň bellemegine görä, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda bu ugurda işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady. Sebitleýin merkeziň maksady – klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirlerini azaltmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa innowasiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat bolar.

Akmuradow bu merkeziň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryny we halkara ylmy jemgyýetçiligini birleşdirýän ylmy-amaly hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup biljekdigini aýtdy. "Bu merkez ýakyn wagtda, belki hem ýylyň soňuna çenli işe başlar" diýip, ol belledi.

Ikinji başlangyç bolsa çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini döretmegi göz öňünde tutýar. Diplomat bu merkezin degişli BMG guramalarynyň goldawy bilen işlejekdigini we bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistan Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalary işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyçlaryny öňe sürýär. "Bu halkara hukuk resminamalarynyň Merkezi Aziýada serhetara suw serişdelerine durnukly, adalatly we netijeli dolandyryş boýunça ylalaşylan çemeleşmeleriň esasyny düzjekdigine umyt baglaýarys" diýip, Akmuradow aýtdy.

Diplomat soňky ylmy barlaglaryň netijeleriniň Amyderýa we Syrderýa üçin aýratyn basseýn çemeleşmesiniň zerurdygyny görkezendigini hem nygtady.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.