Oýun sanawy

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

14 Maý. 07:14

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplotamik we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşlik döwletara dialogyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga gönükdirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda, halkara guramalaryň we köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine jikme-jik seredildi. Taraplar sebit we halkara derejesindäki möhüm başlangyçlary özara goldamak barada pikir alyşdylar. Bu bolsa Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygyny görkezýär.

Ekologiýa howpsuzlygy we bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar tebigaty goramak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem sebit durnuklylygy üçin hem möhümdigini biragyzdan tassykladylar.

Gepleşikleriň ahyrynda 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibi we mazmuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça guramaçylyk meselelerine garadylar. Duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge taraplaryň taýýardygyny tassyklap, dostlukly gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna itergi berdi.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.