Oýun sanawy

Türkmenistan täze döwrebap obalary arkaly oba durmuşyny ösdürýär

06 Ýan. 09:10

Çeşme

2025-nji ýylda Türkmenistan oba ýerlerini ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli dowam etdirip, Ahal welaýatynda 400-e golaý türkmen maşgalasynyň täze gurlan obalara göçmegini üpjün etdi.

Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ýaşaýjylary Döwletli Mekan hem-de Bagtyly Zamana atly häzirki zaman obalaryna ýerleşdirildi. Bu obalar ilatyň rahat we howpsuz durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bilen üpjün edildi.

Türkmenistanda gurlan täze obalarda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, ýüzlerçe okuwçy üçin orta mekdepler, çagalar baglary, Saglyk öýleri hem-de söwda-durmuş desgalary bar. Bu ýagdaý oba ilatynyň gündelik zerurlyklaryny doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Bu taslamalar Türkmenistanyň uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäginde amala aşyrylyp, oba ýerlerinde ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we ilatyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌