Oýun sanawy


Türkmenistanyň iň garrat ýaşaýjylarynyň biri we Ikinji jahan urşunyň gahrymany Aýdogdy Amadyýew özüniň 108 ýaşynyň bellenilýän günlerinde Ýeňiş güni mynasybetli mähirli gutlaglary kabul etdi. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary Mary welaýatynda ýaşaýan weteranyň öýüne baryp, oňa özleriniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Bu çäre ýaş nesliň pederlerimiziň gahrymançylygyna bolan ýokary sarpasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda weterana döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy. Talyp ýaşlar uzak ýaşly ildeşimiz bilen söhbetdeş bolup, onuň durmuş ýoly we söweş meýdanlaryndaky tejribesi bilen gyzyklandylar. Institutyň «Kuwwat» saz toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara aýratyn şowhun berip, weteranyň göwnüni galkyndyrdy.
Aýdogdy Amadyýewiň harby terjimehaly 1941-nji ýylda, ol 23 ýaşynda wagty başlanýar. Ol ilkinji söweşlerine Moskwanyň eteginde 150-nji diwiziýanyň düzüminde gatnaşyp, urşuň iň kyn günlerini başyndan geçirýär. Gahryman esger özüniň ýeňişli ýoluny 52-nji atly diwiziýanyň hatarynda tamamlap, uruş ýyllarynda sarsmaz erkiň we watanperwerligiň nusgasyny görkezdi.
Söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, aýratyn-da Berlin ugrundaky söweşlerde bitiren hyzmatlary üçin ol III derejeli «Şöhrat» ordeni we «Berlini eýelänligi üçin» medaly bilen sylaglanypdy. Mundan başga-da, oňa I derejeli «Watançylyk urşy» ordeni gowşuryldy. Häzirki wagtda 108 ýaşyny arka atan Aýdogdy aganyň ömür ýoly ýaşlar üçin hakyky durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.