Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik we ylmy-lukmançylyk gatnaşyklary berkidilýär
04 Aprel. 17:05Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Tbiliside ýurduň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, geljekde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmegiň diplomatik we hukuk esaslaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde ilçiniň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin ähmiýetli meselelere üns çekildi. Taraplar ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we söwda dolanyşygyny artdyrmak boýunça özara bähbitli ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn saparlaryň guralmagynyň döwletara gatnaşyklary täze hile çykarmakda möhüm gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Gepleşikleriň ýene-de bir möhüm ugry saglygy goraýyş we derman senagatyndaky hyzmatdaşlyga degişli boldy. Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze, şeýle hem Tbilisiniň öňdebaryjy lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, farmakologiýa we fitoterapiýa ulgamynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltlik «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetine aýratyn orun berdi. Bu gymmatly eseriň halkara lukmançylyk jemgyýetçiligi, şol sanda gruziýaly alymlar üçin hem uly ylmy gollanma bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. Gepleşikleriň ahyrynda ilçi Gruziýanyň Farmakohimiýa institutynyň işi bilen ýakyndan tanyşdy we taraplar yzygiderli tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.