Oýun sanawy


«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe demirýoly arkaly syýahat guraýar
17 Awgust. 07:05Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak hem-de ilatymyza içerki syýahatçylyk ugurlaryny hödürlemek maksady bilen nobatdaky gezelenji yglan edýär. Žurnal tarapyndan hödürlenýän syýahatçylyk Maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimize, Köýtendagyň ajaýyp jülgelerine hem-de beýleki gyzykly ugurlara gezelençleri öz içine alýar. Syýahatçylara amatlylygy göz öňünde tutulyp, otly we awtoulag hyzmatlary hödürlenilýär.
Şu çäkde, 2026-njy ýylyň 19–20-nji awgusty aralygynda ÝUNESKO-nyň sanawynda ýer alýan Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna demir ýol arkaly otlyly gezelenç guralýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
44-01-40
+993 65 61 63 77 (ýa-da +993 56 16 37)
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.