Oýun sanawy

Halk Maslahaty agzasy aýlyk we pensiýa ýokarlandyrmalarynyň bes edilmegini teklip etdi

20 Sen. 10:34

Çeşme

Aşgabatdaky “Maslahat köşgi” binasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Hormatly ýaşulularyň geňeşiniň agzasy, il ýaşulysy Ýazmyrat Atamyradow Türkmenistanda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny wagtlaýyn bes etmegi teklip etdi.

Ol çykyşynda ýurduň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokary derejesine ýetendigini belläp geçdi. Prezidentiň we Türkmenistanyň Milli Lideriniň tagallalary netijesinde müňlerçe maşgalanyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilendigi, Arkadag şäherinde hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynda täze iş orunlarynyň döredilendigi nygtaldy.

Ýazmyrat Atamyradow häzirki wagtda Türkmenistanda berilýän ýeňillikleriň dünýäde deňi-taýy ýokdygyny aýdyp, maşgalalaryň esasy zerurlyklary bilen doly üpjün edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol geljekde bu ugurda harçlanmaly serişdeleri döwlet ösüşine we beýleki möhüm ugurlara gönükdirmegi teklip etdi.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş we teklip üçin ýaşulyny sagbolsun aýtdy.

2025-nji ýylyň görkezijilerine görä, Türkmenistanda iň pes aýlyk hak 1410 manat, iň pes pensiýa bolsa 550 manat derejesinde bellenendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌