Oýun sanawy

«Liwerpul» Endrýu Robertson bilen hoşlaşýandygyny resmi taýdan tassyklady

12 Aprel. 14:57

Çeşme

Iňlis futbolynyň ägirdi «Liwerpul» toparynyň goragçysy Endrýu Robertson şu futbol möwsümi tamamlanandan soňra meşhur «Enfild» stadionyndan gidýär. Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany bolan tejribeli oýunçy şu tomus şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen erkin agent derejesine geçer. Toparyň resmi çeşmeleri bu maglumaty tassyklap, Robertsonyň klubyň taryhyndaky iň täsirli goragçylaryň biri hökmünde ýatda galjakdygyny bellediler.

2017-nji ýylda «Hall Sitiden» transfer edilen futbolçy «gyzyllaryň» düzüminde jemi dokuz möwsümiň dowamynda 373 resmi duşuşykda meýdança çykdy. Robertson bu döwürde diňe bir esasy düzümiň hemişelik agzasy bolman, eýsem klubyň täze taryhyndaky ähli uly ýeňişleriň hem esasy gahrymanlarynyň birine öwrüldi. Onuň meýdançadaky işjeňligi we çep gyratdaky durnukly oýny «Liwerpulyň» dünýä futbolynyň iň ýokary pillelerine dolanmagyna uly goşant goşdy.

Klubdaky karýerasynyň dowamynda Robertson Premýer-liganyň iki gezek çempiony boldy, şeýle hem UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, Angliýanyň kubogynyň we iki gezek Liga kubogynyň ýeňijisi diýen atlary gazandy. Mundan başga-da, onuň baýraklar sanawynda klublaýyn dünýä çempionatynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Angliýanyň Superkubogynyň medallary bar. Şeýlelikde, şotlandiýaly goragçy häzirki zaman futbolynda mümkin bolan ähli esasy kuboklara mynasyp bolmagy başardy.

Häzirki wagtda 26-njy belgili oýunçy 2025/2026-njy ýyllaryň futbol ýylyny ýokary derejede tamamlamak we toparyna täze üstünlikler gazandyrmak ugrunda ähli ukybyny ulanýar. Möwsüm tamamlanandan soňra bolsa, «Liwerpul» özüniň wepaly oýunçysy üçin ýörite hormatlap ugratmak dabarasyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu çäre janköýerleriň we klubyň Robertsona köp ýyllyk zähmeti üçin minnetdarlyk bildirmek pursady bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌