Oýun sanawy

Kori Anderson Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynda Ýagşymyradowdan üstün çykdy

04 Okt. 01:46

Çeşme

Professional Fighters League (PFL) tarapyndan Dubaýda geçirilen ýaryşda amerikalak ýeňil agramdaky söweşiji Kori Anderson türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow bilen geçirilen tutluşykda ýeňiş gazandy.

Adalatçylar bu titul ugrunda geçen söweşi Andersonyň peýdasyna karara bagladylar. Bu olaryň ikinji duşuşygydy — ilkinji gezek olar 2021-nji ýylyň aprel aýynda Bellator 257 ýaryşynda duşuşypdylar, şol söweşde-de Anderson üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanypdy.

Şu ýeňiş bilen Andersonyň karýerasynda 20 ýeňiş, 6 ýeňliş we 1 duşuşyk düzgünden çykma hökmünde hasaba alyndy. Ýagşymyradow bolsa 25 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňlik bilen öz ýoluny dowam etdirýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌