Oýun sanawy


Wena şäherinde Türk dünýäsi bilen birlikde Türkmenistanyň medeni mirasy tanyşdyrylar
09 Ýan. 13:462026-njy ýylyň 12–15-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde Türk medeniýeti hepdeligi geçiriler. Bu çäre Türk döwletleri guramasyna agza ýurtlary, şol sanda Türkmenistanyň wekillerini, Wenada ýerleşýän halkara guramalary, diplomatik missiýalary we türk diasporasynyň agzalaryny bir ýere jemlär.
Medeni hepdeligiň dowamynda türk halklarynyň umumy gymmatlyklary, taryhy ösüşi we häzirki döwürdäki medeni üstünlikleri giňden görkeziler. Türkmenistanyň medeni mirasyna aýratyn üns berlip, ýurduň türk dünýäsi üçin möhüm orny nygtalar.
Çäräniň guramaçylary bu başlangyjyň maksadynyň türk medeniýetiniň baýlygyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekden ybaratdygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, Türki dünýäniň döwletleriniň, aýratyn-da Türkmenistanyň, halkara derejesindäki medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlykdaky ornuny güýçlendirmek esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezilýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň