Oýun sanawy

Astrofizikasynda täze sahypa: Kosmos neýtrinolarynyň açyşy üçin fizika boýunça Nobel baýragy berildi

06 Okt. 10:21

Çeşme

2026-njy ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy belgiýaly-amerikaly fizika alymy Frensis Halsena mynasyp görüldi. Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasynyň karary bilen ol Antarktikadaky «IceCube» neýtrino obserwatoriýasyny döretmäge goşan kesgitleýji goşandy we kosmiki gözbaşly ýokary energiýaly neýtrinolary açandygy üçin sylaglandy. Wiskonsin uniwersitetiniň 82 ýaşly professory Antarktika buzluklaryny ägirt uly detektor hökmünde ulanmak ideýasyny öňe sürüp, çuňlukda ýerleşdirilen müňlerçe datçikleriň kömegi bilen ylymda täze ugry — neýtrino astronomiýasyny esaslandyrdy.

Bu bäsleşiksiz ylmy açyş Älemdäki gara deşikler we supernowa ýyldyzlarynyň partlamalary barada adaty teleskoplar arkaly alyp bolmaýan arassa maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Ýubileý 125-nji Nobel möwsüminde fizika boýunça baýragyň möçberi 12 million şwed kronuna (takmynan 1,2 million dollar) ýetirildi. Sylag gowşurylyş dabarasy adaty bolşy ýaly, 10-njy dekabrda Stokgolmda geçiriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌