Oýun sanawy


Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini tötänlikde zibile taşlady
12 Few. 14:42Italiýanyň Torre-Lapillo atly kenarýaka şypahanasynda 57 ýaşly bir adam takmynan 120 müň ýewro gymmatyndaky 20 sany altyn bölegi bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu barada RMF24 portaly habar berýär.
Habarlara görä, ol birnäçe ýyl bäri ýygnan serişdelerini altyna öwürip gelipdir we ähli bölekleri adaty demir gutuda saklapdyr. Öýüni arassalaýan wagty guty başga zatlar bilen bilelikde çykarylyp, zibil konteýnerine düşüpdir. Gymmatly zatlarynyň ýokdugyny diňe ertesi gün duýup, derrew polisiýa ýüz tutupdyr.
Wideogözegçilik ýazgylary gutynyň hakykatdan hem zibile taşlanandygyny tassyklapdyr. Şeýle-de bolsa, şol wagta çenli ähli galyndylar Udžento şäherindäki uly zibilhana alnyp gidilipdir.
Zibilhanada giň gerimli gözleg işleri geçirildi: ýörite gulluklar agyr tehnikanyň kömegi bilen tonnalap hapalary dörüp çykardylar. Netijede, guty tapyldy we onuň içindäki 20 sany altyn bölegi doly ýagdaýda saklanyp galypdyr.
Şeýle ýagdaý ilkinji gezek ýüze çykmaýar. 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Edmonton şäherindäki galereýadan bäş sany gymmat bahaly surat, şol sanda Žan-Pol Riopeliň 50 müň dollarlyk eseri ýitipdi. Dört ýyl geçenden soň, 2025-nji ýylda bir nätanyş adam şol suratlaryň birini Nýu-Ýorkdaky auksionda satmaga synanyşdy. Ol eseri zibilhanadan tapandygyny we öýünde saklandygyny aýtdy. Polisiýa maglumatlary bilen tanyşandan soň, ol suraty meýletin ýagdaýda ätiýaçlandyryş kompaniýasyna gowşurypdyr.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň