Oýun sanawy


Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, şu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda durnuksyz howa ýagdaýy döräp, ýagynly günlere garaşylýar. Paýtagtymyzda bulutly howa döräp, wagtal-wagtal ýagyş ýagar, şemalyň tizligi bolsa sekuntda 15 metre çenli güýçlener. Aşgabadyň howasy gijelerine aram maýyllygyny saklap, gündizlerine +17 gradusa çenli gyzar. Balkan welaýatynda hem hepdeniň başynda ýagynly howa agdyklyk eder, ýöne deňiz kenaryndaky etraplarda howanyň temperaturasy beýleki ýerlerden pes bolar.
Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda hem ýagyşly howa akymlarynyň täsiri duýlar. Bu sebitlerde gündizine howanyň gyzgynlygy käbir ýerlerde +20 gradusa çenli ýokarlanyp, ep-esli ýylylyk emele geler. Emma ýurdumyzyň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynda howanyň ýagdaýy has üýtgeşik bolar. Hepdeniň ilkinji günlerinde bu sebitde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy we gijelerine howanyň -6 gradusa çenli sowamagy ähtimaldyr. Hepdeniň dowamynda Daşoguzda hem howanyň kem-kemden maýlamagyna we gündizlerine oňyn temperaturalaryň dikelmegine garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň