Oýun sanawy

Londonda şa zenan Diananyň gömen wagt kapsulasy açyldy

30 Awgust. 07:42

Çeşme

Londonda 1991-nji ýylda Şa zenan Diana tarapyndan ýere gömülen wagt kapsulasy ýer ýüzüne çykaryldy. Bu kapsula ilkinji gezek «Great Ormond Street» çagalar hassahanasynyň täze binasynyň gurluşygy döwründe tapyldy.

«MIR 24» telekanalynyň habar bermegine görä, kapsulanyň içinde aýdymçy Kaýli Minougyň aýdymlar ýygyndysy, Gün energiýasy bilen işleýän kalkulýator we bir pasport bar. Şeýle hem gutudan göçme telewizor, britan şaýollarynyň toplumy, bäş dürli agaç tohumy, «The Times» gazeti we Şa zenanyň özi hakyndaky fotoportret tapyldy.

Bu wagt kapsulasy başlangyçda diňe 100 ýyldan soň açylmalydy. Emma täze çagalar hassahanasynyň gurluşygy üçin ýer taýýarlanda, ony öňünden açmak zerurlygy ýüze çykdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌