Oýun sanawy


9-njy martda sagat 19:00-da «Watan» medeni-konsert merkezi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Konsert – Karaoke!» atly özboluşly aýdym-saz dabarasyna çykarýar. Agşamyň esasy aýratynlygy, tanymal sazanda Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy bolar. Konsertde dirižýorlyk pultunda Eziz Jumanyýazow durar.
Bu medeni çäräniň maksatnamasy tomaşaçylar bilen täzeçe gatnaşyk saklamaga esaslanýar. Guramaçylar sahna bilen zalyň arasyndaky perdäni aýyryp, diňleýjilere meşhur aýdymlary simfoniki orkestriň sazlamagynda ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretmek kararyna geldiler. Janly ses we professional saz bezegleri her bir myhmana özüni uly aýdym-saz şousynyň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde duýmaga şert döreder.
Interaktiw formatda geçjek bu agşam sazandalaryň we diňleýjileriň arasynda döredijilikli agzybirligi döretmäge gönükdirilendir. Guramaçylar tomaşaçylaryň işjeň gatnaşmagynyň bu baýramçylygyň iň möhüm bölegi boljakdygyny nygtalýarlar. Gyzyklanýanlar petekler we maksatnama baradaky goşmaça maglumatlary 861235234 telefon belgisi arkaly alyp bilerler.
Şeýle hem okanyň


Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.
Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.
Şeýle hem okanyň