Oýun sanawy

Putin Serdar Berdimuhamedowy Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA sammitine çagyrdy

13 Dek. 08:00

Çeşme

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi. Bu barada rus habar gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wladimir Putin Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde, şol sanda rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda oňyn ädimler ädildi we bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Russiýanyň döwlet Baştutany ykdysady gatnaşyklarynyň barha köptaraplaýyn häsiýete eýe bolýandygyny nygtap, iki ýurduň halkara meýdançalarynda hem sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy 21–22-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmaga resmi taýdan çagyrdy.

Şeýle-de Russiýanyň Prezidentiniň Aşgabat saparynyň çäklerinde Türkiýäniň, Eýranyň we Yragyň Prezidentleri, şeýle hem Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirmegine garaşylýar. Mundan ozal Wladimir Putiniň Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş edendigi hem habar berlipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌