Oýun sanawy


«Türkmentel-2025» çäginde «Türkmenistanyň Startap we innowasiýalar – 2025» atly halkara forum geçiriler
03 Noý. 13:37Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň Startap we innowasiýalar – 2025» halkara forumy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanda innowasiýa we IT ekosistemasyny ösdürmegiň ýol kartasy hödürlener hem-de döwlet edaralarynyň, hususy sektoryň wekilleriniň we halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.
Foruma BMGÖM-niň halkara eksperti Bagrat Ýengibaryan gatnaşyp, sanly innowasiýalar we startaplary ösdürmek boýunça dünýä tejribesini paýlaşar hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny beýan eder. Forum döwlet we hususy ugurlar arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga we innowasion ösüşi ilerletmäge gönükdirilendir.
Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýada startap ekosistemasyny ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri» atly ýörite sessiýa geçiriler. Bu ýerde sebit ýurtlarynyň startaplary öz innowasion çözgütlerini hödürläp, IKT we innowasiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny tanyşdyrarlar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň