Oýun sanawy


Türkmenistanda ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime ýetdi
07 Few. 06:57Türkmenistanyň ykdysady ösüşi ýylyň ilkinji aýynda durnukly häsiýetde dowam edip, ýanwar aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H. Geldimyradowyň beren hasabatynda giňişleýin beýan edildi.
Türkmenistanyň habar serişdelerinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda oňyn ösüş gazanyldy. Senagat ulgamynda ösüş 2 göterime deň boldy, gurluşyk pudagy 6 göterim ösdi, ulag we aragatnaşyk ulgamy bolsa 9,3 göterim ösüş görkezdi. Söwda dolanyşygy Türkmenistanda 8,2 göterim ýokarlandy, oba hojalygynda ösüş 2 göterime deň boldy, hyzmatlar ulgamy bolsa 8,5 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda öndürilen önümiň umumy möçberi 10 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda durnukly önümçilik depginleriniň üpjün edilendigini görkezýär. Şol bir wagtyň özünde bölek satuw haryt dolanyşygy hem 10,1 göterim artdy.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi boýunça hem oňyn netijeler gazanyldy: girdeji bölegi 102,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly we öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 21,3 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Wise-premýere 2026-njy ýyl üçin Türkmenistanda kesgitlenen ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak hem-de ykdysady pudaklaryň ösüşini dowam etdirmek barada anyk tabşyryklar berildi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň