Oýun sanawy


2026-njy ýylyň 12 — 14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Agro Pack Türkmenistan — 2026» diýlip atlandyrylýan halkara gözden geçirişi bolar. Bu çäre sebitiň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynyň ösüşine itergi berýän esasy meýdançalaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Serginiň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän önüm öndürijiler hem-de ýerli telekeçiler özleriniň iň täze tehnologik çözgütlerini tanyşdyrarlar. Esasy üns azyk önümleriniň önümçilik ulgamlaryna, häzirki zaman gaplama enjamlaryna we logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdiriler.
Halkara sergisiniň işewürlik maksatnamasy täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berýän duşuşyklary öz içine alýar. Gatnaşyjylar pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we durnukly oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Gözden geçiriş üç günüň dowamynda Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda dowam eder. Sergä gelijiler 12-13-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, jemleýji günde bolsa sagat 15:00-a çenli innowasion önümler bilen tanyşyp bilerler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.