Oýun sanawy

Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek «GREEN EXPO 2027» sergisine taýýarlyk görýär

01 Iýul. 15:37

Çeşme

Şu ýylyň 29-njy iýuny we 1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky milli wekiliýet Ýaponiýa döwletinde resmi iş saparynda boldy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, bu sapar halkara derejesindäki iri çärelere gatnaşmak we guramaçylyk işlerini utgaşdyrmak maksady bilen amala aşyryldy.

Gündogar Aziýa döwletine guralan saparyň esasy wezipesi 2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabryna çenli Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen «GREEN EXPO 2027» atly bütindünýä bagbançylyk sergisine taýýarlyk görýän gatnaşyjylaryň halkara maslahatyna goşulmakdan ybarat boldy. Bu meýdança bütindünýä sergisiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin hyzmat edýär.

Halkara duşuşyklaryň çäklerinde türkmen wekilleri milli pawilýonyň gurluşygyny we dolandyrylyşyny meýilleşdirmek, logistika amallaryny düzmek hem-de serginiň dowamynda Türkmenistanyň Milli gününi guramak boýunça giňişleýin iş alyp bardylar. Wekiliýet agzalary umumy we ýöriteleşdirilen sessiýalara, ikitaraplaýyn maslahatlaşmalara, şeýle-de tanyşdyryş maksatly gezelençlere işjeň gatnaşdylar.

Iş saparynyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji wise-prezidenti T.Suzuki bilen ýörite gepleşikleri geçirdi. Mundan başga-da, «GREEN EXPO 2027» halkara assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary K.Haçiýama bilen hem netijeli duşuşyk guraldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, bütindünýä sergisi bilen bir hatarda, 2027-nji ýylda Tokio şäherinde kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler forumyny guramak baradaky başlangyçlar jikme-jik gözden geçirildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌