Oýun sanawy

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistandaky halkara sergä gatnaşar

09 Few. 12:36

Çeşme

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat 11-nji fewralda resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň esasy wakasy 10–12-nji fewral aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň 12-nji sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak bolar.

Türkmenistana geljek türk wekiliýetiniň düzümine ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işleýän 90-a golaý kompaniýanyň wekilleri girer. Sergide senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk we beýleki pudaklara degişli önümler görkeziler.

Saparyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklar hem-de ikitaraplaýyn işewürlik gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilendir.

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,2 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Taraplar geljek ýyllarda bu görkezijini 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Sapar 12-nji fewrala çenli dowam eder.

















Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýda geçirilen halkara forumyna gatnaşdylar

09 Sen. 10:34

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Gullugyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň çäklerinde Lýanyan şäherinde Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin yzygiderli duşuşyklaryň täsirini nygtadylar. 

Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ileri tutulýan ugurlar hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada pikir alşyldy. Taraflar däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekki bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.