Oýun sanawy

Aşgabatda raýatlar üçin hukuk maslahat beriş çäre geçiriler

26 Sen. 07:00

Çeşme

4-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde raýatlar üçin açyk hukuk maslahat beriş çäre geçiriler. Bu çäräni Türkmenistanyň Adalat ministrligi Guramaçylyk Baş prokuraturasy, Ýokary kazyýet we şäheriň aklawçylar kollegiýasy bilen bilelikde geçirýär.

Maslahat beriş çäre Adalat ministrliginiň binasynda — Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 150-nji jaý salgysynda geçiriler. Wagt: sagat 09:00-dan 12:00-a çenli.

Çärä gatnaşýan raýatlar dürli hukuk meseleleri boýunça tölegsiz maslahat alyp bilerler.

Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 39-19-20, 39-19-21.

Maglumat çeşmesi: «Türkmenistan» gazet.

















Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar

Bugün 09:10

Çeşme

Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.

Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.