Oýun sanawy

Donald Tramp Merkezi Aziýanyň strategik ähmiýetini C5+1 sammitinde belledi

07 Noý. 12:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Waşingtonda geçirilen «Merkezi Aziýa – ABŞ» (C5+1) sammitine gatnaşdy we Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.

Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň Prezidenti Owal kabinetindäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň yzýanyndan işlik agşam naharynda duşuşdylar.

Açylyş çykyşynda Donald Tramp Merkezi Aziýanyň artýan strategik ähmiýetine üns berdi:
«Biz ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirýäris, howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýäris we täze gatnaşyklaryň ugurlaryny açýarys» diýip, ol aýtdy.

Tramp sebitiniň taryhy ähmiýetini belläp, şeýle diýdi:
«Bu ýurtlar bir wagtlar Gündogary we Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidi. Häzirki wagtda olaryň Eýewraziýanyň merkezindäki ýerleşişi olara aýratyn ähmiýet we uly mümkinçilik berýär».

Ol, şeýle hem, möhüm peýdaly magdanlar meselesiniň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, ABŞ-nyň global üpjünçilik zynjyrlaryny we ykdysady howpsuzlygy berkidmäge ygrarlydygyny nygtady.

Donald Tramp öňki administrasiýalaryň sebitde goýberen “ýalňyşlygyny” düzedýändigine ynam bildirdi:
«Men Amerikanyň bu ýurtlaryň her biri bilen gatnaşyklaryny mundan has berkleşdirmek niýetindirin. Bu dünýäniň iň möhüm sebitleriniň biridir — köpler entek muny doly düşünmeýärler».

Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, C5+1 formatynyň netijeliligini belledi:
«Bu mehanizm döredileli bäri oňyn netijeleri görýäris. Biz howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanýarys».

Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.