Oýun sanawy


Türkmenistan ýalan maglumatlara garşy göreşmek boýunça türkmen döwletleriniň forumyna gatnaşýar
19 Dek. 13:49Şu gün Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýalan maglumatlara garşy göreşmek maksady bilen türki döwletleriň forumy öz işine başlady.
Foruma Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Wengriýa, Türkmenistan we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan wekiller gatnaşýarlar diýip, «Report» azerbaýjan saýty habar berýär.
Forumyň esasy maksady — türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, maglumat ulgamy boýunça ýokary wezipeli işgärleri, media wekillerini, ylmy jemgyýetiň agzalaryny, kommunikasiýa hünärmenlerini we žurnalistleri bilelikdäki netijeli iş meýdançasyna jemlemek.
Habarda bellenmegine görä, iki gün dowam etjek forum gatnaşyjy ýurtlaryň žurnalistleriniň tejribe alyşmagyna, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we hünär hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň