Oýun sanawy


Yrak Türkmenistan bilen täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge isleg bildirýär
18 Iýun. 07:37Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Kerkuk şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy S.al-Salihi bilen sanly ulgam arkaly netijeli gepleşik geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly guralan bu çärä Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili J.al-Attar hem işjeň gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy ýurduň dokma, azyk, ýeňil senagat hem-de deri harytlaryny yrak bazaryna uly möçberde eksport etmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Öz gezeginde yrakly wekiller Kerkuk şäheriniň sebitdäki strategik we senagat ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge uly isleg bildirdiler. Jogap hökmünde türkmen tarapy yrakly işewürleri Aşgabatda guraljak «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine resmi taýdan çagyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.