Oýun sanawy


Nýu-Ýorkda Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy
27 Maý. 13:3126-njy maýda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rarab Fatima duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda taraplar deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini halkara meýdançalarynda goramak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň özenini 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny hem-de Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň anyk we amaly gurallaryny kesgitlemek meselesi emele getirdi. Türkmen tarapy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Dostlar toparynyň bilelikdäki başlygy hökmünde bu resminamalaryň diňe bir kagyz ýüzünde galman, eýsem sebitara ulag-logistika taslamalarynda işjeň ulanylmagyna ýardam etjekdigini tassyklady.
Mundan başga-da, diplomatlar LLDC ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm bolan birnäçe ugurlary bany dördüler. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak, durnukly energetika, suw diplomatiýasy, ulgamlary sanlylaşdyrmak we aýlawly (tsirkulyar) ykdysadyýete geçmek ýaly häzirki zamanyň wajyp meseleleri boýunça BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.