Oýun sanawy


Türkmenistanyň daşary syýasaty: Prezident 2025-nji ýylda 15 daşary ýurt saparyny amala aşyrdy
26 Dek. 13:542025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dürli derejedäki on bäş daşary ýurt saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynam ýyly: bitarap Türkmenistanyň aýgytly ädimleri» atly maslahatda çykyş edip habar berdi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň häzirki taryhynda aýratyn orun eýeländigini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu ýyl Türkmenistanyň döwletliligini pugtalandyrmakda, syýasy durnuklylygyny berkitmekde, ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmekde möhüm tapgyr boldy.
Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde hem-de daşary ýurtlarda Parahatçylyk we ynam ýylyna bagyşlanan köp sanly halkara çäreler geçirildi. Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, ýokary derejedäki gatnaşyklara aýratyn üns berdi.
Şeýle-de ministr Milli Lideriň ýylyň dowamynda dokuz döwlete sapar edendigini aýtdy. Munuň bilen bir hatarda, 2025-nji ýylda Türkmenistana dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň otuz bir sapary guraldy.
Raşid Meredowyň bellemegine görä, bu görkeziji Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat alyp barýandygyny we halkara hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýändigini aýdyň görkezýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň