Oýun sanawy

Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä maddy däl miras sanawyna girizilmegi boýunça mesele gözden geçiriler

11 Dek. 05:55

Çeşme

8-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Konwensiýa agza 181 ýurduň, şeýle hem birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri duşuşyga gatnaşýar. Türkmenistan bu mejlise bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti bilen gatnaşýandygyny ýurduň DIM-i habar berdi.

Mejlisiň dowamynda agza döwletler tarapyndan hödürlenen 66 sany çäre boýunça çykyşlar diňleniler. Şolaryň 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 11-si tiz öňüni almagy talap edýän miras sanawyna, 1-si bolsa maddy däl mirasy gorap saklamagyň iň gowy tejribeleri sanawyna degişli bolup durýar.

Türkmenistan tarapyndan hödürlenen milli teklipleriň arasynda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnama hem bar.

Komitetiň şu ýylyň mejlisi 13-nji dekabra çenli dowam eder.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.