Oýun sanawy

TOPH gaz geçirijisi boýunça ABŞ-nyň goldawyna minnetdarlyk bildirildi

21 Okt. 05:29

Çeşme

Serhetabat–Herat uguryndaky gaz geçirijisiniň täze tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Halkyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampa TAPI (Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan) taslamasyna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Lideriň bellemegine görä, ABŞ bu sebitleýin möhüm energiýa taslamasyny ilkinji goldan ýurtlaryň biridir. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Amerika bilen syýasy, söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösmegi aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň orny we Boeing, John Deere, General Electric, Sikorsky, Caterpillar ýaly kompaniýalaryň ýurdumyzdaky işjeňligi bellenildi. TAPI taslamasynyň maslahatçysy hökmünde çykyş edýän Brownstein kompaniýasynyň goşandy aýratyn bellenildi.

2025-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 3-nji konferensiýasyny ýatladyp, şol çärä bagyşlanyp 80-nji Baş Assambleýada "Awaza syýasy jarnamasy" kabul edilendigini aýtdy. Şol waka mynasybetli Donald Trampyň gutlag hatyny iberendigi aýratyn minnetdarlyk bilen bellenildi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.