Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde serhetýaka söwda merkezi açylar

15 Noý. 07:08

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistana baranda, iki döwletiň ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirýän möhüm çäre — türkmen-özbek serhet söwda merkeziniň açylyşy meýilleşdirilýär.

Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde sapara görülýän taýýarlyk barada hasabat berip aýtdy.

Açyljak söwda merkeziniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklynyň giňelmeginde möhüm orny bolmagyna garaşylýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi 1993-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji geňeş duşuşygyna gabat gelýär. Sammitiň gün tertibinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hem-de häzirki zaman sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşygy bar.

Mundan başga-da, işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe goşmaça çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem bolmagyna garaşylýar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.