Oýun sanawy

Türkmenistanda FAO-nyň «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäginde «Brusellýoz» boýunça okuw maslahaty geçirilýär

22 Okt. 08:43

Çeşme

Türkmenistanda FAO-nyň «Bitewi saglyk» sebitleýin taslamasynyň çäginde “Brusellýoz” boýunça okuw maslahaty geçirilýär

 

2025-nji ýylyň 20-24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde brusellýozyň öňüni alyş, anyklaýyş we gözegçilik usullary boýunça okuw maslahaty geçirilýär. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan GCP/SEC/027/PAF — “Merkezi Aziýada pandemiýalara taýarlyk we öňüni alyş çäreleri “Bitewi saglyk” çemeleşmesi esasynda” atly sebitleýin taslamanyň çäginde guraldy.

 

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň dürli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan wekiller, şeýle hem weterinariýa we saglygy goraýyş gulluklarynyň hünärmenleri gatnaşýar. Bu hem türkmen tarapynyň “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň ruhuna laýyklykda, adam we haýwan saglygyny birlikli çemeleşmek baradaky düşünjäni berk ornaşdyrýandyklaryny görkezýär.

 

Okuw maslahatyny brusellyöz boýunça halkara eksperti bolan Svetlana Bardenşteýn we Nadav Galon alyp barýarlar. Olar dürli sebitlerde epizootik gözegçilik, anyklama we keselleriň öňüni alyş ulgamlary boýunça baý tejribä eýedirler.

 

Türkmen tarapyndan çykyş eden milli ekspert, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölümimiziň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyşynda ýurdumyzda mallaryň saglygyny goramak boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan syýasat, brusellýozyň öňüni alyş çäreleri, gözegçilik, seljeriş işleri hem-de Weterinariýa gullugynyň alyp barýan strategiýalary barada giňişleýin gürrüň berdi.

 

Arslan Soltanmyradow laboratorlaryň kuwwatyny berkitmek, epizootik monitoringi yzygiderli geçirmek we weterinar hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleleri aýratyn belledi. Şeýle hem täze usullar we gurallar arkaly keselleri irlige anyklamak we çalt jogap bermek ulgamyna integrasiýa edilmeginiň ähmiýetini nygtady.

 

FAO-nyň halkara eksperti Bardenshteýn we Galon trenining gatnaşyjylaryna dünýäde we sebitde brusellýozyň ýagdaýy, anyklama usullary, kontrol we sanjym strategiýalar, şeýle-de keseliň öňüni alyş we irki jogap alyş ulgamlary barada iň täze maglumatlary berdi.

 

Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň we FAO-nyň arasynda weterinariýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat edýär. Şeýle-de ol zoonoz keselleriň öňüni alyş we epizootik gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmäge, ilatyň saglygyny we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu çäre Hormatly Prezidentimiz Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşýar.

 

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌