Oýun sanawy

Parkinson Keseline garşy emeli aň bilen işlenip düzülen derman adamlar üçin synagdan geçiriler

26 Ýan. 14:33

Çeşme

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Azyk we derman serişdelerine gözegçilik ediji gulluk (FDA) emeli aň kömegi bilen işlenip düzülen täze ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmegi tassyklady. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw keselleriň bejergisinde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmek mümkinçiligi döredildi.

InSilico Medicine kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Kerol Satleriň aýtmagyna görä, emeli aň arkaly derman taýýarlamak prosesi beýni dokumalary bilen gowy aralaşýan molekulany döretmäge mümkinçilik berdi we bu Parkinson keselini bejermekde uly umyt berýär.

ISM8969 dermany beýni öýjüklerindäki NLRP3 belogynyň işjeňligini peseldýär. Alymlar bu belokyň nerw ulgamyndaky dowamly çişmeleri döredýändigini we Parkinson we beýleki neýrodegeneratiw keselleriň geçişini has-da agyrlaşdyrýandygyny belläp geçýärler. Köp dermanlar beýni bilen howpsuzlyk böwetini geçip bilmeýändigi sebäpli täsirini ýitirýärler. 

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

24 Okt. 10:17

Çeşme

«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌