Oýun sanawy

Balkan welaýatynda halkara derejeli okuw merkezi işe başlady

16 Few. 07:32

11-nji fewralda Türkmenbaşy şäherinde täze ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu merkez “Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy tarapyndan döredilip, OPITO, IPSQA we ISO halkara ülňülerine laýyklykda akkreditasiýadan geçdi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyldy.

Türkmenistanda açylan bu okuw merkezi nebit-gaz, gaz-himiýa, energetika we himiýa pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksadyny öňde tutýar. Şeýle başlangyç Türkmenistanyň senagat ösüşine möhüm goşant goşýar.

Okuw maksatnamalarynda şu ugurlar göz öňünde tutulýar:

  • H2S zäherli gazynyň ýaýramagy ýagdaýynda dogry hereket etmek;

  • nebit-gaz we gurluşyk desgalarynda ýapyk giňişliklerde howpsuz işlemek;

  • ilkinji lukmançylyk kömegini bermek hem-de ýürek-damar dikeldiş çäreleri;

  • belentlikde işlemek we halas ediş işleri;

  • önümçilige zeper ýetirmeýän 2-nji derejeli gözegçilik barlaglary.

Merkez Türkmenbaşy şäheriniň G. Saparow köçesi, 36-njy jaý salgysynda ýerleşýär. “Howpsuz işle we tehniki taýdan kämilleş” diýen ýörelgä esaslanýan bu taslama Türkmenistanda ýokary hilli hünär taýýarlygyny üpjün etmäge we nebit-gaz pudagynyň durnukly ösüşini goldamaga gönükdirilendir.

Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanda hünärli işgärleri taýýarlamak, işgärleriň derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň nebit-gaz ulgamynyň geljekki ösüşine ýardam bermekden ybaratdyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌