Oýun sanawy


Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen ýaşlary bilen diplomatik duşuşyk geçirildi
10 Aprel. 12:21Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde Seul şäherinde okaýan türkmen talyplary bilen ýörite duşuşyk guraldy. Daşary syýasat edarasynyň wekili Seulyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýan ýaşlar bilen açyk söhbetdeşlik geçirdi. Bu çäre daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen raýatlaryna döwlet tarapyndan berilýän ünsüň we goldawyň aýdyň netijesi boldy.
Duşuşygyň barşynda talyplaryň gündelik durmuşy, ýaşaýyş şertleri we okuwdaky gazanan üstünlikleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşyldy. Diplomat ýaşlara Türkmenistanda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, ýurduň ykdysady ösüşi we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi. Ýaş hünärmenleriň geljekde kämil hünärmenler bolup, Watanyň ösüşine goşant goşmalaryna aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony kämilleşdirmegiň geljekki meýilnamalary hakynda durlup geçildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň güýzünde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly ilkinji ýokary derejeli sammite hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa garaşylýan saparyna taýýarlyk işleriniň barşy barada talyplara habar berildi. Bu diplomatik çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berer.
Ministriň orunbasary talyplaryň ýokary hilli bilim almagy we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmegi üçin döwlet tarapyndan ähli amatly mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Şeýle hem ýaşlara okuwlarynda üstünlik arzuw edilip, olaryň daşary ýurtda ýurduň mynasyp wekilleri bolup çykyş etmelidikleri bellenildi. Gepleşikleriň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklantyrýan sowallar boýunça takyk jogaplary alyp, döwlet Baştutanyna döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.