Oýun sanawy

Indoneziýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

07 Noý. 12:32

Çeşme

Noýabryň 6-synda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Indoneziýadaky täze ilçisi M. Maşalow Indoneziýanyň Ýokary bilim, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň Baş sekretary Togar Simatupang bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşykda taraplar ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ýokary bilimiň derejesinde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Indoneziýanyň Baş sekretary türkmen tarapyna birnäçe bilim maksatnamalaryny hödürlemäge taýýardygyny, şol sanda türkmen talyplary üçin okuw orunlaryny bermek we akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleriň taýýarlanýandygyny belledi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌