Oýun sanawy


TDU-nyň mugallymy Pekin uniwersitetinde türkmen dilinden sapak berýär
30 Mart. 12:17Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Didar Amanmuhammedow 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan bäri Pekin daşary ýurt dilleri uniwersitetinde hytaýly talyplara sapak berip gelýär. Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu çäre Magtymguly adyndaky TDU bilen Pekin daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda gol çekilen «Hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama» esasynda amala aşyrylýar. Türkmen hünärmeni bu ýerde «Rus dili + Türkmen dili» hünäri boýunça bilim alýan talyplara türkmen diliniň inçeliklerini öwredýär. Şeýle hem, sapaklaryň dowamynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we häzirki zaman ösüşleri barada giňişleýin syn berilýär.
Türkmen mugallymynyň Hytaý Halk Respublikasyndaky okuw-usulyýet işleri 2026-njy ýylyň 29-njy iýulyna çenli dowam eder. Bu döwürde hytaýly talyplar diňe bir dili däl, eýsem türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hem has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Pekinde türkmen diliniň öwredilmegi geljekde iki ýurduň arasyndaky diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barjak hünärmenleriň ýetişmegine ýardam berer.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim pudagyndaky gatnaşyklar strategik ähmiýete eýedir. Türkmen ýaşlarynyň Hytaýda bilim almagy bilen bir hatarda, türkmen diliniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagy, Türkmenistanyň halkara abraýynyň we ylmy diplomatiýasynyň barha dabaralanýandygyny görkezýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.