Oýun sanawy


Azerbaýjan Türkmenistana nebit tanker sowgat eder we howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
19 Sen. 12:15Awazada geçirilen Maýa goýum forumynda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahyp Alekperow Azerbaýjan hökümetiniň Türkmenistana 8 müň tonnalyk nebit daşaýan tanker sowgat etjekdigini mälim etdi. Bu dostlukly ädim ýurtlaryň agzybir gatnaşyklarynyň nyşany bolup, forumyň mejlisinde hem beýan edildi. Tankeriň gurluşygynyň şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Sahyp Alekperow ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe nyşan bilen çäklenmeýändigini belläp geçdi. Ol Awazada awgustda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda halkara howa gatnawlaryny ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekilendigini ýatlatdy. Bu resminama bilen iki ýurduň arasynda göni howa gatnawy dörediler we bu gatnaw işewürlik, syýahatçylyk we şahsy saparlary ýeňilleşdirer. Ol bu howa ugry ýolagçylar tarapyndan uly isleg bilen kabul ediler diýip ynam bildirdi.
Ulag ulgamy barada çykyşyny dowam etdirip, Alekperow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda döredilýän logistiki arabaglanşygyň tutuş Ýewraziýa üçin, esasanam Hazarýaka ýurtlary üçin örän peýdalydygyny aýtdy. Ol taryhy deňeşdirmä ýüzlenip: “Ir döwürlerde ähli ýollar Rim şäherine alyp barýardy, indi bolsa ähli ýollar Türkmenistandan geçýär” diýdi.
Ol ýurduň ýokary derejeli gatnaşyklarynyň netijesinde ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda döredilen ynam we hyzmatdaşlyk, sebitiň maýa goýum ýagdaýyna oňyn täsir eder.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň