Oýun sanawy

Hytaý K wizasyny girizýär: Türkmenistanyň raýatlary üçin nähili mümkinçilikler açar

30 Sen. 11:30

Çeşme

1-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynynda ylym we tehnologiýa ulgamynda ýaş daşary ýurt hünärmenleri üçin niýetlenen täze K kategoriýaly wiza güýje girer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, CCTV habar berýär.

Wekilhananyň wekili Go Tsýakunyň sözlerine görä, täze başlangyç ylym we ýokary tehnologiýa ulgamynda ýaş alymlar we hünärmenler arasynda halkara hyzmatdaşlygyny we alyş-çalşygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Bar bolan 12 görnüşli adatdan daşary wizalardan tapawutlylykda, K kategoriýaly wiza has köp girme rugsady, uzaltylan hereket möhleti we uzaltylan ýaşamagyň möhletini göz öňünde tutýar.

Bu wizanyň eýeleri bilim beriş, medeni we ylym-tehniki maksatnamalara gatnaşyp bilerler, şeýle hem telekeçilik we işewürlik başlangyçlaryny amala aşyryp bilerler. Wizany almak üçin ýaş, bilim derejesi we hünär tejribesi boýunça esasy ölçeglere laýyk gelmek zerur. Hytaý tarapyndan çagyryş talap edilmeýär, we resmileşdiriş prosedurasy ýönekeýleşdirilendir.

Türkmenistanyň ýaş hünärmenleri üçin bu täze başlangyç okuw almak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak we halkara ylym jemgyýeti bilen hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌