Oýun sanawy

WhatsApp 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ene-ata gözegçiligindäki akkauntlary döreder

14 Mart. 11:23

Çeşme

WhatsApp messenjeri ýakyn wagtda 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin aýratyn akkaunt görnüşini işe girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle hasaplar ene-atalar ýa-da hossarlar tarapyndan döredilip, olaryň gözegçiligi astynda dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy maglumat berdi.

DW neşiriniň ýazmagyna görä, täze mümkinçilik maşgalalar hem-de çagalaryň howpsuzlygy boýunça hünärmenler bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Çaga üçin akkaunt döredilenden soň, onuň ulanylyşy ene-atasynyň ýa-da hossarynyň gözegçiliginde bolar. Uly ýaşlylar çaga kime habar ýazyp biljekdigini kesgitläp bilerler we onuň haýsy toparlaýyn söhbetdeşliklere goşulmagyna rugsat beriljekdigini çözerler.

Mundan başga-da, ene-atalar nätanyş adamlardan gelýän habar sargytlaryny barlap bilerler we çaganyň akkauntyndaky gizlinlik sazlamalaryny dolandyryp bilerler.

Mundan öň Awstraliýada çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy ýagdaýy baradaky aladalar sebäpli olaryň jemgyýetçilik torlaryny ulanmagyna käbir çäklendirmeleriň girizilendigi habar berlipdi. Şuňa meňzeş çäreleri kabul etmek meselesi başga birnäçe ýurtda hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌