Oýun sanawy


Türkmenistanyň Gahrymany, meşhur kosmonawt Oleg Kononenko «Roskosmos» tarapyndan öndürilen «Progress» ýük daşaýan kosmos gämisini uzakdan dolandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen türgenleşikleri üstünlikli geçdi. Ol teleoperator dolandyryş ulgamy (TODU) boýunça çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirip, Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) gurallaryň we harytlaryň bökdençsiz eltilmegini üpjün etmek ugrunda tejribesini artdyrdy. Kononenko HKS-e ugraljak 76-njy ekspedisiýanyň ätiýaçdaky ekipažynyň serkerdesi wezipesine bellenildi.
Adatça, ýük gämileri kosmos stansiýasyna awtomatiki usulda golaýlaşyp birleşýärler, emma tehniki näsazlyklar ýüze çykan ýagdaýynda ekipaž el bilen dolandyrmaga taýýar bolmalydyr. Şol sebäpli kosmonawtlar gämileri degişli düwmeler arkaly uzakdan birikdirmegi we dolandyrmagy kämilleşdirýärler. Türgenleşikleriň dowamynda Oleg Kononenko dürli adatdan daşary ýagdaýlarda, meselem, bort kompýuteri işlemedik ýagdaýynda ýa-da gämiler nädogry golaýlaşanda, gämä gözegçiligi gaýtadan dikeltmek ukybyny görkezdi.
Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň hünärmenleriniň bellemegine görä, operator displeýiniň doňup galmagy ýaly çylşyrymly ýagdaýlarda hem kosmonawtlar anyk hereket etmegi öwrenýärler. Şeýle pursatda Oleg Kononenko Ýerdäki hünärmenler bilen habarlaşyp, ulgamy täzeden işe girizmäge rugsat soraýar we gäminiň stansiýa nähili golaýlaşýandygyny üznüksiz gözegçilikde saklaýar. Bu bolsa kosmos uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde iň ýokary hünär derejesiniň zerurdygyny subut edýär.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde (ozalky Çärjew) dünýä indi we özüniň ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda amala aşyrdy. Ol Harkow awiasiýa institutynyň uçaryň hereketlendirijileri hünärini tamamlap, häzirki wagtda dünýäniň iň tejribeli kosmonawtlarynyň biri hasaplanýar. Türkmen topragynda doglan bu gahryman kosmos giňişligini özleşdirmekde halkara derejesinde uly goşant goşmagyny dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.