Oýun sanawy

Toyotanyň Türkmenistandaky resmi dilerleri satuwda taryhy netije gazandylar

01 Aprel. 16:38

Çeşme

2025-nji ýylda «Toyota» markasy Türkmenistanyň awtoulag bazarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikleri amala aşyrdy. Kompaniýanyň resmi distribýutory bolan «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýurdumyzda satylan ulaglaryň sany taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Bu görkeziji ýapon awtoulag öndürijisiniň Türkmenistandaky abraýynyň we müşderileriň bu brende bolan ynamynyň barha artýandygyny subut edýär.

Gazanylan täze sepgitler mynasybetli «Beýik Ýüpek Ýoly» we «Garagum Ulag» diler merkezlerinde dabaraly çäreler guraldy. Dabaranyň esasy bölegi hökmünde ýubileý müşderiler — Gurbangeldi Annaýew hem-de Atageldi Mätjiýew ýörite sylaglar bilen begendirildi. Olara sowgat hökmünde giňeldilen hyzmat ediş bukjasy gowşuryldy. Bu bukja 3 ýylyň dowamynda ýa-da 60 müň km ýol geçilýänçä, awtoulaga 6 gezek mugt tehniki hyzmat edilmegini göz öňünde tutýar.

Satuwlaryň çäklerinde aýratyn isleg bildirilýän modelleriň hatarynda «Toyota Hiace» we «Toyota Land Cruiser Prado» ulaglary bellenilip geçildi. «Hiace» modeli özüniň amatlylygy we ygtybarlylygy bilen täjirçilik maksatlary we maşgala gezelençleri üçin saýlanyp alynan bolsa, «Prado» modeli islendik ýol şertlerinde ýokary geçijiligi we kämil tehniki aýratynlyklary bilen müşderileriň söýgüsini gazandy. Bu modelleriň satuw sanawyndaky orny markanyň köpugurlylygyny görkezýär.

Häzirki wagtda «Toyota» markasynyň resmi dilerleri Aşgabatda we Balkanabatda müşderilere ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler. «Garagum Ulag» we «Beýik Ýüpek Ýoly» merkezleri diňe bir täze ulaglary satmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň tehniki ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmagyny hem üpjün edýärler. Şeýle çäreler Türkmenistanyň awtoulag bazaryny döwrebaplaşdyrmaga we müşderi hyzmatynyň derejesini halkara standartlaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌