Oýun sanawy

Ýönekeý hem innowasion çözgüt: Toyota synag ýoluny çalt guratmak üçin äpet gubka döretdi

03 Awgust. 07:03

Çeşme

Susono şäherindäki «Toyota Higashi-Fuji» tehniki merkeziniň inženerleri synag ýollaryndan suwy çalt we netijeli aýyrmak üçin ýörite enjam işläp düzdüler. Täze ulgam ýagyn-ýaşydan soň awtoulag synaglarynda ýüze çykýan arakesmeleri ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

Bu oýlap tapyşa bolan zerurlyk doly gury örtügi talap edýän awtomatiki gyssagly saklanyş ulgamlaryny synagdan geçiriş wagtynda ýüze çykdy. Ýörite meýdança kompaniýanyň birnäçe bölümleri tarapyndan bilelikde ulanylyp, ygalyň ýagmagy sebäpli döreýän gijikdirmeler köplenç işgärleri dynç alyş günlerinde hem işlemege mejbur edýärdi.

Enjam döredilende inženerler beýsbol meýdançalarynda ulanylýan guratmak tehnologiýasyndan ylham aldylar. Olar ýylylyk puşkalaryny, ýol gyzdyryjylaryny, senagat sorujylaryny we gyrgyçlary ulanmagy hem göz öňünde tutupdylar, ýöne jeminde has ýönekeý hem-de tygşytly çözgütde saklandylar.

Gurluş iki metrlik gubka katogyndan ybarat bolup, ol iki tarapa hem bir gezek geçmek bilen 3,5 metr giňlikdäki zolagy guradýar. Suwy ýygnamak üçin sypyryjylygy 320 litr bolan üýtgedilip gurnalan alýumin keýs ulanylýar, waligiň özi bolsa goraýjy gaplamalaryň galyndylaryndan ýasalandyr. Ulag öwrülende ulgam gubkany ýerden awtomatiki ýagdaýda galdyryp, onuň könelişmegini peseldýär.

Enjam ornaşdyrylandan soň, gyş aýlarynda ýoly guratmak wagty 4 sagatdan 2 sagada çenli, tomusda bolsa 1–1,5 sagada çenli azaldy. Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, bu ýylda takmynan 91 iş sagadyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu desga aýda bir ýa-da iki gezek ulanylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌