Oýun sanawy

Kosmos giňişligi baradaky ylmy-fantastiki çaklamalar halkara metbugatynda ýene-de öňe sürüldi

18 Maý. 09:54

Çeşme

Halkara habar beriş serişdelerinde kosmos barlaglary, näbelli uçýan desgalar we fantastiki çaklamalar baradaky maglumatlar ýene-de üns merkezine düşdi. Günbatar neşirlerinde ABŞ-nyň döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylandygy aýdylýan öňki taslamalaryň we olaryň barlagçylarynyň şahsy pikirlerine esaslanýan materiallar çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu gezekki gyzykly gürrüňler öňki ylmy barlagçylaryň guramalara salgylanyp beren resmi taýdan tassyklanmadyk çaklamalaryna esaslanýar. Habarlarda görkezilýän maglumatlar subut edilmedik çeşmelere daýanýandygy sebäpli, olar köplenç ylmy we taryhy taýdan däl-de, eýsem okyjylaryň ünsüni çekiji fantastiki çaklamalar derejesinde kabul edilýär.

Mediada peýda bolan meňzetmelerde dürli fantastiki filmlerdäki keşpleri ýatladýan gumanoidler, mör-möjek şekilli we beýleki özboluşly jandarlar barada giňişleýin agzalýar. Taslamanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu maglumatlar gürrüňdeşlik çeşmelerine esaslanýar we olaryň takyklygy we hakykatdygy anyk resmi resminamalar arkaly tassyklanmaýar.

Umuman, federal edaralaryň öň neşir eden käbir maglumatlarynda hem şeýle gürrüňleriň ýarym-ýaşryn ýagdaýda aýlanyp ýörendigi mälim edilipdi. Şeýle çaklamalar jemgyýetde hemişe uly gyzyklanma döredýän hem bolsa, barlagçylaryň we alymlaryň agramly bölegi anyk subutnamalaryň ýoklugy sebäpli olara şübheli çemeleşmegi maslahat berýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌