Oýun sanawy

Google Maps kartasynda täze mümkinçilik: Nawigator beýik jaýlaryň arkasyndaky ýoly görkezmegi öwrendi

04 Awgust. 15:08

Çeşme

Google kompaniýasy Android Auto üçin Google Maps kartasynda Immersive Navigation funksiýasyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga başlady.

Täze ulgam 3D kartany ulanýar hem-de beýik jaýlary dury görkezip, olaryň aňyrsyndaky ýollaryň görünmegini üpjün edýär. Bu bolsa sürüjilere çylşyrymly öwrümlerde we çatryklarda ugur tapmagy ep-esli ýeňilleşdirýär. Güncellenme häzirki wagtda diňe ulanyjylaryň bir bölegi üçin elýeterli, şonuň üçin programmanyň birmeňzeş wersiýalarynda hem interfeýs tapawutlanyp biler.

Täze nawigasiýanyň esasy aýratynlyklary:

3D görnüş: Binalaryň, geçelgeleriň we relýefiň 3D görnüşinde görkezilmegi.

Ýol maglumatlary: Ýol zolagy, ýolçyraklar, pyýada geçelgeleri we duralga belgileri öwrümden öň görkezilýär.

Awtomatiki ölçeg: Kartanyň ölçegi awtomatiki usulda sazlanýar we ýoluň giň görnüşini üpjün edýär.

Görünýän tapawutlar: Nawigasiýa alternatiw ýollaryň arasyndaky tapawutlary (tizlik, tölegli ýollar, dykynlary aýlanyp geçmek) düşündirýär.

Street View binýady: Islendik ýere baryp ýetmänkäňiz, oňa haýsy tarapdan dogry baryp boljakdygyny алnyňyzdan görmäge mümkinçilik döredýär.

Bu funksiýa Ilki bilen ABŞ-da ýaýradylyp başlandy. Kompaniýa geljekde onuň elýeterliligini Android we iOS enjamlaryna, Apple CarPlay-a we Google built-in ulgamly awtoulaglara giňeltmegi meýilleşdirýär. Beýleki ýurtlarda funksiýanyň işe giriziljek seneleri heniz yglan edilmedi.

Şeýle hem, Google programma gurnalan spidometriň diňe maglumat berijidigini we onuň görkezijileriniň ulagyň dolandyryş panelindäki maglumatlardan tapawutlanyp biljekdigini ýatladýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌