Oýun sanawy

Arkadag şäherinde ýokary tizlikli internet, innowasion hyzmatlar we elektrobus düzümi kämilleşdiriler

03 Iýul. 12:50

Çeşme

Innowasion we ekologik taýdan arassa ýörelgeler esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly ulgamlary giňeltmek we şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işler netijeli dowam etdirilýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylda Arkadag şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 845 million manada deň bolup, bu serişdeler önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Şäheriň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Şu maksat bilen, gurluşygy iki tapgyrda alnyp barylýan «akylly» şäherde 2026-njy ýylda ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketini giňeltmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny 1 million 120 müň adama ýetirmek meýilleşdirilýär.

Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň girizilmegi netijesinde, şäheriň ähli edaralarydyr ýaşaýyş jaýlary üçin ýokary tizlikli internet, şeýle-de IP telewideniýe hem-de telefon ulgamlary ýola goýuldy. Şu ýyl esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda öý telefonlarynyň sany 5 müň 290 birlige ýetiriler. TMCELL öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary bilen 4 müň 380 müşderi üpjün ediler. Ýaşaýjylar üçin smartfon arkaly uzakdan dolandyrylýan «akylly» öý hyzmatlary hem elýeterli edildi.

Şu ýyl Arkadag şäherinde dowam edýän gurluşyk işleriniň gerimi-de has artdyrylar. 2026-njy ýylda bu ýerde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanyny 20-ä, umumybilim berýän mekdepleriň sanyny bolsa 11-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de uly göwrümli maýa goýumlaryň hasabyna şäherde elektrik ulgamlaryny, täze awtomobil hem-de demirýol menzillerini gurmak meýilleшdirilýär.

Häzirki wagtda bu ýerde 100-den gowrak döwrebap köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän ýörite seýsmiki stansiýalaryň, şäheriň lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurluşygy işjeň ýagdaýda dowam edýär. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌