Oýun sanawy

«Maksatly Türkmen» hususy jaýlaryň we kottejleriň gurluşygy üçin toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär

24 Mart. 11:04

Çeşme

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti häzirki zaman kottejleriniň we hususy jaýlaryň gurluşygynda hem-de abadanlaşdyrylyşynda döwrebap çözgütleri hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hökmünde çykyş edýär. Kärhana penjire we gapy ulgamlaryny, dürli görnüşli germewleri, markizleri, roletleri hem-de awtomatiki seksion derwezeleri bir bitewi toplum hökmünde hödürlemek bilen, müşderileriň gurluşyk wagtyny tygşytlaýar. Bu çemeleşme jaý eýelerine dürli potratçylara ýüz tutmagyň zerurlygyny aradan aýyryp, ähli zerurlyklary bir ýerden üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň işinde innowasion tehnologiýalara, aýratyn-da «akylly öý» ulgamlaryna uly üns berilýär. Hödürlenilýän gurluşlaryň agramly bölegi awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny goldaýar, bu bolsa derwezeleri, žalýuzlary we gün şöhlesinden goraýjy örtükleri uzakdan dolandyrmaga şert döredýär. Şeýle tehnologiýalar diňe bir amatlylygy üpjün etmän, eýsem binalaryň döwrebap binagärlik keşbine hem täze öwüşgin çaýýar.

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň hödürleýän önümleri jaýyň diňe bir gözelligini däl, eýsem onuň howpsuzlygyny we tygşytlylygyny hem ýokarlandyrýar. Meselem, ýörite rolet ulgamlary jaýy daşky seslerden we rugsatsyz girilmekden goraýan bolsa, markizler we saýawanlar terassalary amatly şertler bilen üpjün edýär. Binalaryň daşky tarapynyň aýna bilen düzümleýin örtülmegi bolsa jaýyň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga we estetik taýdan kämilleşmegine ýardam edýär.

Kärhana ähli hyzmatlary «ölçeg almakdan — gurnamaga çenli» diýen ýörelge esasynda, doly tapgyrda amala aşyrýar. Hünärmenleriň taslamanyň her bir basgançagyna göni gözegçilik etmegi işleriň ýokary hilli we gysga möhletde tamamlanmagyny kepillendirýär. Gyzyklanma bildirýänler Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän merkezine baryp ýa-da görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌